Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan soganyň eksportyny dört aý bes etmekçi

10:2621.01.2023
0
44723
Özbegistan soganyň eksportyny dört aý bes etmekçi
Surat: edimdoma.ru

Özbegistanda ýanwardan maý aýynyň başyna çenli nyrhlary kadalaşdyrylmak hem-de içki islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, düýp soganyň eksporty bes ediler diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrligi habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

Ministrligiň wekiliniň sözlerine görä, Respublikadaky adatdan daşary aýazly howa sebäpli, soňky on günde açyk meýdanda saklanýan sogan hasyly doňdy. Netijede, ýurtda soganyň bir kilogramynyň ortaça bahasy iki esse, ýagny 6-8 müň suma (0,53-0,7 dollar) çenli gymmatlady.

Oba hojalyk ministrligi ilatyň sogana ýanwardan aprele, ýagny täze hasyla çenli zerurlygyny 346 müň tonna möçberinde kesgitledi, häzirki gün ýurtda takmynan düýp soganyň ätiýaçlyk gory 320 müň tonna deň diýlip bahalandy, önümiň galan bölegini daşary ýurtlardan satyn almak meýilleşdirilýär.

Geçen 2022-nji ýylda Özbegistanda 22,5 million tonnadan gowrak gök-bakja we miwe hasyly ýygnaldy, önümçiligiň ösüşi 105 göterime ýetdi.

Ýurtda 10-njy ýanwardan başlap, soňky ýyllarda hasaba alynmadyk güýçli aýazlar boldy, howanyň derejesi gijelerine -17-23, gündizine -8-15 gradusa düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň