Soňky habarlar

Arhiw

Minnihanow: Tatarystanda 3 müňden gowrak türkmen ýaşaýar

19:3819.01.2023
0
23412

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda 3 müňden gowrak türkmen ýaşaýar. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Rustam Minnihanow 19-njy ýanwarda Aşgabatda açylan Türkmen-rus işewürler maslahatynyň barşynda mälim etdi.

— Biz Tatarystan Respublikasynda türkmenleriň milli we medeni özbaşdaklygyna uly ähmiýet berýäris. Häzirki wagtda ýurtda olaryň 3 müňden gowragy ýaşaýar — diýip, Minnihanow belledi.

Şeýle hem Minnihanow Tatarystanyň Russiýanyň senagat taýdan ösen sebitlerinden biridigini, onuň türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösüşine işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

— Häzirki wagtda «KAMAZ» awtoulaglary bilen üpjün etmek boýunça şertnamalar ýerine ýetirilýär, Türkmenbaşy, Mary, Türkmenabat şäherlerinde awtoulag merkezleri açyldy we olaryň ýene biri şu ýyl Daşoguzda açmaly — diýip, Tatarystanyň Prezidenti aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň