Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga goldaw berer

16:5216.01.2023
0
60827
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga goldaw berer
Surat: trend.az

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu barada ÝTÖB-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglunyň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berýär.

Fatih Türkmenogly ÝTÖB-iň Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga edýän goldawy barada şeýle gürrüň berýär:

— 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda ÝTÖB-iň telekeçilere maslahat beriş maksatnamasynyň çäklerinde türkmen önüm öndürijileriniň goňşy döwletlere eksportyny ýola goýmak bilen bagly onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk bankymyz tarapyndan ýurtda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça ýörite maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar.

Türkmenoglunyň bellemegine görä, ÝTÖB-iň Türkmenistandaky telekeçilere maslahat beriş maksatnamasy 2014-nji ýyldan bäri hereket edýär we ol bank tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu maksatnama türkmen işewürleriniň eksport bilen bagly düşünjelerini ýokarlandyrmagy, olara täze hyzmatdaşlary tapmakda goldaw bermegi göz öňünde tutýar.

— Çäreleriň tapgyry 2020-2021-nji ýyllar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bazaryndaky gözlegleriň netijesine esaslandy. Degişli maksatnamanyň çäginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Merkezi Aziýa ýurtlaryna önümlerini eksport etmek isleýän hususy kärhanalary saýlap aldy we olara bu ugurda tälim berdi. Şu maksat bilen, hyzmatlary we önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly dürli temalar boýunça 6 sany okuw maslahaty geçirildi. Soňky geçirilen onlaýn duşuşykda Türkmenistandan 9 sany hususy kärhana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 30 sany hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik aldy. Olara öz önümleriniň göwnejaý tanyşdyrylyşyny guramakda bankyň ýörite geňeşçisi ýardam etdi. ÝTÖB häzirki wagtda onlaýn duşuşygyň çäginde alnan teklipleriň üstünde işleýär. Olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine ýakyn 6 aýyň içinde baha berler — diýip, Fatih Türkmenogly belleýär.

Onuň belleýşi ýaly, ÝTÖB-iň esasy maksady Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmäge ýardam etmek bolup durýar. Bank bu ugurda Türkmenistan bilen gurluşyk we maliýe meseleleri babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, ÝTÖB eýýäm öz önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän we indi bu işe başlamakçy bolýan türkmen işewürlerine logistika ugurlaryny yzygiderli seljermekde, täze eksport bazarlaryny gözlemekde we bazaryň üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmakda degişli maslahat beriş çärelerini we maliýe goldawyny berýär.

Türkmenoglunyň aýtmagyna görä, ÝTÖB türkmen hususyýetçileriniň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga goldaw bermegini mundan beýläk-de dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň