Soňky habarlar

Arhiw

Antalýada gysga boýly gyzlara öýde galmak maslahat berildi

11:5113.01.2023
0
48175
Antalýada gysga boýly gyzlara öýde galmak maslahat berildi
Surat: championat.com

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň häkimligi boýy 160 santimetrden gysga bolan gyzlara deňiz harasaty sebäpli öýde galmagy maslahat berdi, sebäbi köçe çykanlarynda olary güýçli şemaly äkidip biler. Şeýle duýduryş bilen şäheriň gubernatory Ersin Ýazyjy çykyş etdi diýip, «Antalya Hakkinda» neşiri habar berdi.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, häzir Antalýadaky güýçli harasat netijesinde deňiz gomlarynyň beýikligi 5-6 metre ýetdi, şemalyň tizligi käbir ýerlerde sagatda 60 kilometre deňdir.

Güýçli çabgalar Mermer, Egeý we Ortaýer deňizleriniň sebitlerinde dowam edýär diýip, ýurduň Baş meteorologiýa edarasy habar berýär. Antalýaly raýatlara sil joşmalarydyr süýşgünler sebäpli hüşgär bolmak duýduryldy. Bu barada «Rossiýskaýa gazeta» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň