Küşt boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasyna täze agzalar kabul edildi

15:5024.12.2022
0
28212

Ýakynda Türkmenistanyň küşt boýunça birinji ligasynyň duşuşyklary tamamlandy. Olarda çempion bolanlaryň birnäçesine mundan beýläk ýurduň iň güýçli küştçüleriniň arasynda Ýokary ligada çykyş etmäge mümkinçilik berildi.

Has takygy, Ahal welaýatyndan Ýusup Baýramgeldiýew 9 oýundan 8.5 utuk toplap, çempionlyga ýetdi. Aşgabat şäherinden Allaýar Şirliýew 9 oýundan 7.5 utuk bilen ikinji, paýtagtymyzdaky 117-nji orta mekdebiň okuwçysy Amanmuhammet Hommadow 7 utuk gazanyp üçünji boldy.

Zenanlaryň ýaryşynda bolsa Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Merýem Agajanowa gazanan 8.5 utugy bilen hemmelerden ökdedigini subut etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa ikinji bolsa, Jennet Durdyýewa üçünji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň