9-njy iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Aşgabadyň halkara aeroportundan Dubaýdan (BAE) we Seuldan (Koreýa Respublikasy) üstaşyr Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde ýerleşýän Guam adasyna ugur aldy. Ildeşlerimiz 11-nji iýunda Hagantada Dünýä çempionaty — 2018-iň çäklerinde bu ýurduň ýygyndy toparynyň garşysyna ilkinji saýlama duşuşygyny geçirer. Biziň wekiliýetimiziň düzüminde 21 adam, şol sanda alty milli klubdan 16 futbolçy bar:
Derwezewan:
Nikita Gorbunow (“Ahal”)
Goragçy:
Myrat Hamraýew (“Ahal”)
Rahymberdi Baltaýew (“Aşgabat”)
Mekan Saparow (“Balkan”)
Şöhrat Söýünow (“Altyn asyr”)
Serdar Annaorazow (“Altyn asyr”)
Bagtyýar Hojaahmedow (“Altyn asyr”)
Ýarym goragçy:
Süleýman Orazow (“Ahal”)
Ilýa Tamurkin (“Merw”)
Ahmet Ataýew (“Altyn asyr”)
Umytjan Astanow (“Altyn asyr”)
Guwanç Abylow (“Hazyna”)
Hüjümçiler:
Berdi Şamyradow (“Aşgabat”)
Serdaraly Ataýew (“Balkan”)
Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”)
Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”)
Guamyň ýygyndysyna garşy duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy topary türkmen paýtagtynda bir hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Onuň barşynda “Aşgabat” toparynyň ikinji düzümine garşy ýoldaşlyk duşuşygy geçirilip, oýun 6:1 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Toparymyzyň tälimçileriniň belleýşi ýaly, futbolçylarymyz bu duşuşyga diýseň jogapkärli çemeleşip, ýeňiş gazanmak üçin elde baryny ederler.