Soňky habarlar

Arhiw

Mbappe DÇ-2022-niň iň netijeli oýunçysy boldy

23:1118.12.2022
0
22654

Fransiýanyň hüjümçisi Kliýan Mbappe Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Ol turniriň dowamynda 8 gol urup, bombardirleriň arasyndaky bäsleşikde ikinji ýeri eýelän Lionell Messini 1 gol yzda galdyrdy.

Kliýan Mbappe DÇ-2022-däki ilkinji goluny Awstraliýanyň (4:1) derwezesine urdy. Ol toparçalaýyn tapgyryň ikinji aýlawynda Daniýa bilen bolan oýunda dubl etmegi başardy. 1/8 finalda Polşa bilen oýunda iki gezek tapawutlanan Mbappe, Argentina bilen bolan final duşuşygynda het-trik etdi. Şeýlelikde, Mbappe dünýä çempionatynyň final oýnunda üç gol uran taryhdaky ikinji oýunçy boldy. Mundan ozal, 1966-njy ýylda geçirilen mundialda Angliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Hýörst finalda üç gol urmagyň hötdesinden gelidpdi. Kliýan Mbappe mundialda uran gollaryny 12-ä ýetirip, dünýä çempionatynyň taryhynda iň köp gol urmakda birinji ýerdäki Pele bilen deňleşdi.

Ýeri gelende bellesek, 23 ýaşly Kliýan Mbappe häzire çenli Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 66 oýunda meýdança çykyp, 36 gola awtorlyk etdi. Ol fransuzlaryň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli oýunçylaryň sanawynda 6 ýerde barýar.

Ondan öňde Karim Benzema (37), Mişel Platini (41), Antuan Grizman (42), Terri Anri (51) we Oliwýe Žiru (52) ýaly oýunçylar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň