Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe käýinç yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
