Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Baştutany Sadyr Žaparowy doglan güni mynasybetli gutlady. Bu barada «Kabar» gyrgyz habarlar gullugy habar berýär.
— Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurtda ägirt uly özgerişler amala aşyrylýar we durmuş-ykdysady üstünlikler gazanylýar – diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň gutlagynda bellenilýär.
Gutlagda, hususan-da, gyrgyz Lideriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine, halklaryň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň pugtalandyrylmagyna berýän şahsy ünsi hem-de yzygiderli goldawy bellenilýär. Şeýle-de türkmen Lideri dostlukly gatnaşyklaryň halklaryň bähbidi üçin yzygiderli pugtalanjakdygyna ynam bildirýär.
Gutlagyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine jan saglygyny, maşgala abadançylygy we bagt, şeýle hem jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw edýär.