Ahalyň täze merkeziniň açylyşy boýunça wezipeler kesgitlendi

20:1204.12.2022
0
23330
Ahalyň täze merkeziniň açylyşy boýunça wezipeler kesgitlendi
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulýan ýerine baryp, ol ýerde merkeziň 1-nji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň täze merkeziniň gurluşygynyň 1-nji tapgyrynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, öňde çözülmeli birnäçe wajyp meseleleriň bardygyny aýtdy we şol meseleler babatdaky wezipeleri kesgitläp berdi. Ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynda degişli ýolbaşçylara ýüzlenip:

  • Ýokary gözegçilik edarasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen topar düzüp, gurluşygy tamamlanan desgalary kabul etmelidigi;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäherini we merkeziň binalaryny atlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmelidigi hem-de kada-kanunlary kabul etmelidigi;
  • täze welaýat merkeziniň sebitde iň iri, aýratyn özboluşly hem-de owadan şäherdigini nazara alyp, halkara guramalar bilen işleri geçirmelidigi, şol sanda ony Ginnesiň rekordlar kitabyna-da girizmek babatda meselä seretmelidigi;
  • ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şäher derejeli jogapkär ýolbaşçylaryny bellemelidigi we olaryň guramaçylyk işlerine başlamalydygy;
  • welaýat merkezinde potratçy kärhanalarynda ýerine ýetirilýän işler üçin tölegleriň yzygiderli, wagtynda geçirilmegini, şeýle hem enjamlarydyr materiallary daşary ýurtlardan satyn almak üçin olaryň manat serişdelerini erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwrülmegini üpjün etmelidigi;
  • welaýat merkeziniň gurluşygyna goýberilen serişdeleriň tygşytlanjak serişdelerini seljermelidigi, olary täze metjidiň gurluşygynda ulanmak boýunça teklipleri taýýarlamalydygy;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan mekdepleriň we çagalar baglarynyň bilimleri çuňlaşdyryp öwredýän, ýöriteleşdirilen derejede bolmagyny üpjün etmelidigi;
  • ähli bilim pudagyna degişli binalarda sanly ulgamy ornaşdyrmalydygy we däp bolşy ýaly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny hem-de talyplaryny welaýat merkeziniň meselelerine işjeň çekmelidigi;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň özboluşlylygyny nazara alyp, degişli ylmy işleri geçirmelidigi;
  • welaýat merkezinde we onuň töwereginde ekilýän baglaryň ekişine işjeň gatnaşyp, olaryň görnüşlerine hem-de hiline gözegçilik etmelidigi;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri utgaşdyryjy edara hökmünde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň çykyş etmelidigi, şeýle-de merkezde gurulýan desgalarda «akylly öý» ulgamynyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmelidigi;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde elektroulaglary ulanmak üçin olary getirmek boýunça degişli işleri geçirmelidigi barada aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bu berlen guramaçylyk tabşyryklarynyň olaryň ählisine-de degişlidigini belledi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 1-nji tapgyrynyň binalarynyň ýokary we halkara derejeli açylyş dabarasy boýunça öňde durýan wezipeler barada aýtdy. Ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy:

  • welaýatyň täze merkeziniň açylyş dabarasy bilen bagly geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny düzmelidigi;
  • bu mesele bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde welaýat merkeziniň dabaraly açylyşyna zerur boljak serişdeleriň çeşmesini kesgitlemelidigi;
  • degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde açylyş dabarasynyň çykdajylar çenligini düzmelidigi;
  • Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýat häkimligi hem-de beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde welaýatyň täze dolandyryş merkeziniň toý-dabaraly açylyş meýilnamasyny düzmelidigi;
  • toý-dabarasy bilen baglylykda, isleg bildirýän daşary ýurtly myhmanlary çagyrmalydygy;
  • welaýat merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna başlamak bilen bagly guramaçylyk işlerine girişmelidigi, merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalaryny gurmak üçin bäsleşikleri geçirmek boýunça degişli işleri geçirmelidigi, zerur bolsa halatynda, bäsleşiklere daşary ýurt kompaniýalarynyň hem gatnaşmaklary boýunça degişli işleri geçirmelidigi hakynda aýtdy.

— Arkadagly Serdarymyzyň bu beýik işleri baky ýaşasyn! — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda nygtady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň