Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» aýdymy üçin taýýarlanan wideoşekiliň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy.
Daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary bu eseri iňlis, rus, fransuz, hytaý we arap dillerinde ýerine ýetirip, Aşgabat şäherine wideoşekil görnüşinde iberdiler.
Çäre türkmen aýdymçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Tomaşaçylar dünýäniň halklaryny agzybirlige, ynanyşmaga we dostluga çagyrýan aýdymy gyzgyn kabul etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» goşgusyny ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli edilen kabul edişlikde okandygyny ýatladýarys.
Şeýle-de okaň: