Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: paýtagt derbisinde ýeňiji ýok

23:5529.11.2022
0
13611

Begenç Akmämmedowyň Ýokary liganyň şu möwsümindäki 17-nji pökgüsini geçiren duşuşygynda «Köpetdag» düýn «Aşgabat» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. 23-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşyk düýn «Köpetdag» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň 60-njy minudynda «Aşgabat» Merdan Muhadowyň geçiren goly bilen hasaby açan hem bolsa, bu artykmaçlygy diňe 9 minut saklap bildi. 69-njy minutda Begenç Akmämmedow «Aşgabadyň» derwezesine bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip hasaby deňledi.

«Köpetdagdan» bir, «Aşgabatdan» bolsa bäş futbolçynyň we tälimçi Rahym Baltaýewiň sary kart gören duşuşygynyň 43-nji minutdaky gödek hereketler üçin baş emin Babanazar Haknazarow «Köpetdagdan» Şamämmet Hydyrowy, «Aşgabatdan» bolsa Pirmyrat Sultanowy oýundan çykardy.

Bu deňlikden soň dördünji orundaky «Köpetdag» utugyny 32-ä, altynjylykdaky «Aşgabat» 24-e çykardy. «Köpetdag» bu duşuşykda diňe bir 2 utuk ýitirmän, üçünji orun ugrundaky göreşde hem uly zyýan çekdi. Indi üçünlikdäki «Merw» «Köpetdagdan» 7 utuk öňe saýlandy. Üstesine, bäşinji orundaky «Şagadam» hem aralygy 1 utuga çenli ýygyrdy.

«Köpetdag» indiki duşuşygyny 2-nji dekabr güni myhmançylykda «Nebitçi» bilen, «Aşgabat» şol gün öz meýdanynda «Merw» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň