Soňky habarlar

Arhiw

Žak Şiragyň hormatyna şaýy pul çykaryldy

11:0230.11.2022
0
15788
Žak Şiragyň hormatyna şaýy pul çykaryldy

Fransiýada ýurduň öňki Prezidenti we Premýer-ministri Žak Şiragyň doglan gününiň 90 ýyllygyna gabatlanyp, şaýy pul çykaryldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Täze puluň hümmeti iki ýewro deň, onuň ýüz tarapynda Žak Şiragyň keşbi zikgelenipdir, gapdalynda syýasatçynyň ömür senesi: 1932 – 2019 hem-de Fransuz Respublikasynyň latyn gysgaltmasy – RF ýazylypdyr. Ýadygärlik pul 10 müň nusgalykda goýberildi.

Žak Şirak dört gezek ministriň kürsüsini eýeledi, iki gezek hökümete baştutanlyk etdi, 1995-2007-nji ýyllar aralygynda iki möhletde Bäşinji Respublikanyň Prezidenti boldy. Zähmet ýoluny tamamlandan soňra Konstitusion Geňeşiň ömürlik agzalygyna saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň