Soňky habarlar

Arhiw

Änewde döwrebap hassahana açyldy

09:0030.11.2022
0
25837

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde etrap hassahanasynyň durky täzelenen we täze gurlan binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Hassahananyň döwrebap binalary 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen bu gadymy şäheriň görküne görk goşdy.

Açylyş dabarasyna saglygy goraýyş işgärleri, ýerli ýaşaýjylar, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglygy goraýyş maksatly desgalary yzygiderli gurdurýandygy, halkyň saglygyny goramak babatda uly tagallalary edýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş aýtdylar.

Dabaranyň dowamynda hassahananyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçy-hünärmenlere döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Aýdym-sazyň hoş owazy astynda, dürli reňkli şarlaryň asmana uçurylmagy bilen, täze hassahananyň toý bagy kesildi. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri we dabara gatnaşyjy myhmanlar hassahanada döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdylar.

«Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde gurlan hassahana 2 gatly binalaryň bäşisinden, 1 gatly binalaryň hem şonçasyndan ybaratdyr. Onuň dolandyryş bölüminde lukmanlar üçin aýratynlykda ýokary şertler göz öňünde tutulypdyr. Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde antenatal gözegçilik otagy, akuşer-ginekolog, hirurg, trawmatolog, stomatolog, oftalmolog, otorinolaringolog, kardiolog, endokrinolog, onkolog lukmanlaryň otaglary ýerleşýär. Elektrokardiografiýa, ultrases barlagy, fizioterapiýa, rentgen, barlaghana otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy-da ýokary derejededir. Bölümlerdir otaglar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa, Şweýsariýa, Italiýa, Ispaniýa, Daniýa, Wengriýa, Türkiýe, Polşa, Slowakiýa ýaly döwletleriň, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň belli önüm öndüriji kompaniýalarynyň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlary, şeýle-de saglygy goraýyş maksatly dürli serişdeler bilen üpjün edilipdir.

Hassahanada näsaglar üçin gündizki stasionar, 15 orunlyk çagalar bölümi, 120 orunlyk mejlisler jaýy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň