Günebakar çigidi özünde B witaminleriniň köp bölegini saklaýar, olar bolsa nerw ulgamyny goldaýarlar, tolgunmanyň derejesini peseldýärler. Bu barada moskwaly berhiz lukmany Ýelena Solomatina gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Yzygiderli çigit çakmak ynjalyksyzlanmadan halas edýär, damarlary berkidýär we ýokary gan basyşyny peseltmäge ýardam berýär. Düzüminde ösümlik beloklaryny, E we B witaminlerini köp saklamak bilen, çigit beden öýjüklerini zerur goldaw bilen üpjün edýär.
«E witamini göreji we deriniň ýagdaýyny gowulandyrýar. Ony köplenç aterosklerozyň we beýleki ýürek-damar keselleriniň bejergisinde peýdalanýarlar, sebäbi ol öýjükleriň ýagdaýyny gowulandyrýar. Eger öýjükler sag bolsa, ol öz wezipesini kadaly berjaý edýär» diýip, lukman düşündirýär.
Günebakar çigidi şeýle-de aşgazanyň işi we immun ulgamy üçin-de peýdalydyr. Emma şol bir wagtda çigidi ötüşen aşgazan-içege kesellilere we semremeden ejir çekýänlere çakdanaşa köp ulanmak maslahat berilmeýär.