Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň mejlisi geçirildi

23:0923.11.2022
0
14544
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň mejlisi geçirildi
Surat: rossaprimavera.ru

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly ilkinji mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu günki çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde, şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de Dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistandan çykyş eden wekiliň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm orun eýeleýän medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Çykyşyň dowamynda el iş sungatynyň aýratynlyklary, zenanlara goýulýan hormat, zenanlaryň hukuklaryny goramak we olaryň döwletiň syýasy, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklar barada aýdyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň döredilmeginiň diňe bir medeni mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesillere geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň başlangyjy bolman, eýsem, zenanlaryň telekeçiliginiň ösdürilmegine-de itergi berjekdigi nygtaldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sanly ulgam arkaly çykyş eden wekilleri sebitiň zenanlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň, el iş sungatyny we senetçiligi ösdürmek işinde halkara jemgyýetiň döredilmeginiň ähmiýeti hakynda aýtdylar. Şeýle hem bu ugurda festiwallaryň, ýarmarkalaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada teklipler beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň