«Mobile tm» internet dükany Täze ýyl üçin sowgatlary satyn almagy teklip edýär

09:4423.11.2022
0
20286

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ykjam enjamlaryň, aksessuarlaryň we goşmaça enjamlaryň onlaýn dükany «Mobile tm» ýakynlaryňyz hem-de dostlaryňyz üçin peýdaly we döwrebap sowgatlary satyn almagy teklip edýär.

Internet-dükanynyň sahypalarynda simsiz gulaklyklaryň, smartfonlaryň, planşetleriň, zarýad berijileriň, öý we aşhana üçin dürli «akylly» enjamlaryň, nusgawy sagatlaryň we smart-sagatlaryň, oýun enjamlarynyň, smartfonlar üçin daşlyklaryň, ykjam çeýe diskleriň we köp sanly enjamlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Sargyt edilende diňe Aşgabadyň içine däl-de, welaýatlara hem eltip bermek hyzmaty amala aşyrylýar. Bahasy 5 müň manatdan ýokary harytlar sargyt edilende, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

Sargytlar saýtda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň