Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Niderlandlar Senegalyň üstünden ynamly ýeňiş gazandy

23:4221.11.2022
0
17415

DÇ-2022-niň «A» toparçasyndan orun alan Senegal — Niderlandlar oýny Ýewropanyň wekiliniň ýeňşi bilen tamamlandy. «Al Tumama» stadionynda geçirilen duşuşykda Gakpo (84) we Klassen (90+9) tarapyndan urlan gollar Niderlandlaryň milli ýygyndysyna ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soňra Niderlandlaryň we Ekwadoryň milli ýygyndylary 3 utuk bilen «A» toparçada 1-2-nji orunlary paýlaşyp durlar. Ýer eýesi Kataryň we Afrikanyň häzirki çempiony Senegalyň hasabynda bolsa heniz utuk ýok. Ikinji tapgyrda Katar Senegal bilen, Niderlandlar bolsa Ekwador bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň