Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýosimasa Haýasi dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Tokioda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada TASS habarlar agentligi Kyodo ýapon agentligine salgylanyp, habar berýär.
Ýapon agentligi öz habarynda: «Merkezi Aziýa sebiti tebigy baýlyklaryň gorlarynda baýdygy, şeýle hem Russiýa we Hytaý ýaly döwletler bilen serhetleşmegi taýdan möhüm ähmiýete eýedir» diýip belleýär.
Haýasiniň kärdeşleri bilen boljak duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.