Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda türkmen gazynyň importyny 53% ýokarlandyrdy

12:4921.11.2022
0
21601

2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistandan Hytaýa ugradylan turbageçiriji gazyň bahasy 8,23 milliard dollara barabar boldy. Munuň özi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 53 göterim köpdür diýip, TASS Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanmak bilen habar berdi.

«10 aýyň dowamynda Türkmenistandan iberilen gazyň bahasy 8,23 milliard dollara barabar boldy (üstesine-de, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 53% ýokary). Ikinji orunda Russiýa (3,1 milliard dollar, 182% ýokarlandy), ondan soňra Mýanma (1,13 milliard dollar, 2,6% aşaklady) ýerleşýär. Dördünji orunda Gazagystan (996,5 million dollar we 15.2%), bäşinji ýerde bolsa Özbegistan (916,7 million dollar we 52,5%) bar» diýlip, habarda aýdylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Hytaýa gaz geçirijisi arkaly ýangyç iberýän döwletleriň arasynda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär. Türkmenistanyň tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň