Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

22:2319.11.2022
0
23939
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy, şeýle-de bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ir bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelen Halk Maslahatynyň Başlygyna welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy ilki bilen bu ýerde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, onuň töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, döredilen bagy-bossanlyklar, binanyň içki bezeg aýratynlyklary, reňk öwüşginleri bilen tanyşdy. Şeýle-de merkeziň çagalara niýetlenilendigini nazara alyp, onuň daşynda, esasy girelgesiniň ýüzünde degişli nyşanyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, şunda çagalaryň päkizeligine, parahatçylyga, abadançylyga we agzybirlige çagyrýan mazmun jemlenmelidir.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerden uzak bolmadyk ýerde gurlan çagalar bagyna tarap ugrap, ýolugra bu ýerlerde döredilen bagy-bossanlyklary, işleriň alnyp barlyşyny synlady.

Çagalar bagynda Halk Maslahatynyň Başlygy 5 — 7 ýaş aralygyndaky körpelere niýetlenen suw howdanyna ünsi çekip, howdanyň şunuň ýaly aýratynlygynyň nazara alynmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle-de bina bilen tanyşlygyň barşynda çagalar bagynyň dürli otaglary bilen bagly käbir şekil taslamalary gözden geçirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň daşynda döredilen şertler bilen tanşyp, şol ýerde çagalaryň çägäniň üstünde oýun bilen güýmenmegine niýetlenen ýörite ýerlere ünsi çekdi. Bu ýerde çagalaryň oýun bilen güýmenmekleriniň olaryň saglygyna hem peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa Hazar deňziniň kenaryndaky çägäni ulanmagyň örän maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy çagalar bagynyň töwereginde gurlan birnäçe bassyrmalara ünsi çekdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy çagalar bagynyň binasyndan çykyp, onuň daşynda goýlan käbir ýol belgileriniň ýanyna geldi. Olary synlap, belgileriň reňk aýratynlyklary saýlanyp alnanda, olaryň howanyň dürli täsirlerine döz gelýän häsiýetli öwüşginlerini saýlap almagyň möhümdigini belläp, bu babatda käbir belliklerini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýolgörkeziji belgileriň bellenen kadalara laýyklykda, zerur bolan degişli ýerlerde oýlanyşykly oturdylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary hem-de çyzgylary synlady. Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygynyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, ýerine ýetirilen işler, ýagny welaýatyň täze merkeziniň degişli şaýollaryna, köçelerine we täze binalara ýurtda meşhur adamlaryň atlaryny dakyp, olaryň sarpasyny ebedileşdirmek maksady bilen amala aşyrylan işleriň birnäçe şekil taslamalary taýýarlanyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy olary synlap, şahsyýetleriň atlaryny dakmak bilen bagly meselede Türkmenistanyň Prezidentine ýüz tutmak arkaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň agzalary bilen maslahatlaşyp, onuň kanunçylyk taraplaryna üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygyna dürli pudaklaryň edara binalaryny atlandyrmagyň şekil taslamalary görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy hödürlenen şekil taslamalary bilen baglylykda birnäçe pikir-maslahatlaryny berip, käbir belliklerini aýtdy. Her bir şahsyýetiň hünäri, alyp baran ugry nazarda tutulyp, olaryň her biriniň ady mahsus edara binalarynyň ýerleşýän köçelerine dakylsa maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda merkezde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenen möhletlerde tamamlamak, täze şäherde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagyny ýola goýmak, merkeziň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň