Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnal dörediler

23:4018.11.2022
0
21373

Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde ylymly-bilimli, maksada okgunly we Watana wepaly türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek barada beren tabşyryklaryndan hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmek baradaky wesýetlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň döwleti we jemgyýeti toplumlaýyn hem-de okgunly ösdürmegiň möhüm şertidigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini ýerine ýetirmegiň üstünligini kesgitleýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany täze internet neşiriniň wajypdygyny aýdyp, onuň örän gyzykly, çuň manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň