Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisinde çykyş etdi

16:0518.11.2022
0
17611
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisinde çykyş etdi
Surat: aa.com.tr

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop sapar bilen Aşgabada geldi. «Anadolu Ajanci» habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde çykyş etdi

Bellenilişi ýaly, M.Şentop öz çykyşynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berjaý etmekde Türkmenistan bilen Türkiýäniň garaýyşlarynyň meňzeş gelýändigine ünsi çekdi. Iki dogan ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylynyň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Iki ýurdy baý taryh, umumy medeniýet we dini däp-dessurlar baglanyşdyrýar. Türkiýe Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, ilkinjileriň hatarynda Aşgabatda öz ilçihanasyny açdy.

M.Şentopyň bellemegine görä, häzirki wagtda iki dogan ýurt geçen asyryň 90-njy ýyllaryndakydan has-da güýçlendi. Iki ýurt hem halkara jemgyýetçiligindäki deňsizligi, özara düşünişmezligi aradan aýyrmaga aýgytly hereket edýärler.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklara ýokary baha berdi we bu ugurda täze wezipeleriň hem bardygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň