Türkmenistanda käbir şäherleriň derejeleri üýtgedildi

11:0011.11.2022
0
34157

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň gol çeken Karary bilen käbir şäherlere etrapdaky şäher derejesi, käbirine bolsa şäherçe derejeleri berildi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäherine etrapdaky şäher derejesi berildi we ol Tejen etrabynyň düzümine geçirildi.

Balkan welaýatynda Serdar şäherine etrapdaky şäher derejesi berildi we ol Serdar etrabynyň düzümine geçirildi.

Gumdag, Hazar şäherlerine bolsa şäherçe derejesi berlip, olar Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň