Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» Yhlas Magtymowyň dubly bilen «Energetigi» ýeňdi

19:4409.11.2022
0
16009

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynda öz janköýerleriniň öňünde «Energetigi» ýeňdi. Türkmenbaşy şäherindäki duşuşyk 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň haýryna tamamlandy.

Ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini hem 24-nji we 77-nji minutlarda Yhlas Magtymow geçirdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 25-e çykaran «Şagadam» çempionatyň bäşinji ornunda galýar. 15 utukly «Energetik» bolsa ýedinji basgançakda.

Indiki tapgyrda «Energetik» 13-nji noýabr güni «Nebitçi» bilen güýç synanyşar. «Şagadam» şol gün «Köpetdagy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň