Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatyndaky bäşinji pökgüsini geçirdi

11:1107.11.2022
0
15227

«Kitçiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynda «Gonkong Reýnjers» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlandy.

Szýulun şäherinde geçirilen duşuşyk 0:2 hasabynda tamamlandy. Duşuşykdaky ilkinji pökgini 57-nji minutda Ruslan Mingazow geçirdi. Beýleki goly bolsa 90+2-nji minutda Manias Mihalisa öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatyndaky gollarynyň sanyny 5-e çykardy.

Dört tapgyrda üçünji ýeňşini gazanan «Kitçi» 9 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji ornunda barýar. «Kitçi» indiki duşuşygyny 12-nji noýabr güni Gonkongyň 23 ýaşa çenli topary bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň