Türkmenistanda nar hasylyny ýygnamak işine guramaçylykly girişildi. Ýurduň Magtymguly etrabynda bu ekinler üçin 10 müň gektar bölünip berildi diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.
Däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň başynda — naryň ýetişen döwründe bu sebitde tutuş maşgala bolup hasyly isripsiz ýygnamak üçin Sumbar jülgesine gelinýär. Habarda bu ýylky ýetişen nar miweleriniň käbiriniň ýarym kilogramdan hem gowrakdygy aýdylýar.
— Meniň ýetişdiren nar hasylymyň iň uly miwesiniň agramy 650 gram çykdy. Bir wagtlar ekinzarlygymyzda biten agramy tas bir kilograma barabar nar miwesi ýadyma düşýär, ol hatda meniň elime-de sygmaýardy — diýip, «MIR 24» bu ýerde mundan 10 ýyl ozal hersinden 70 kilograma çenli nar ýygnap bolýan 150 nar agajyny eken, häzirki wagtda bol hasylyň hözirini görýän bagban Serdar Abaýewiň sözlerini getirýär.
Daýhanlaryň naryň «Tutlygala», «Garaköl», «Aýdere» görnüşleriniň has meşhurdygyny aýdýarlar. Magtymguly etrabynyň subtropiki howasy nar ösdürip ýetişdirmek üçin amatly hasaplanylýar. Bu datly miwe şu ýerde bütin ýurduň, şol sanda Aşgabadyň bazaryna hem ýaýraýar.
Nar witaminlere we mikroelementlere baý, özi-de galyndysyz diýen ýaly miwedir. Onuň hemme zady — güli, eti, şänigi, gabygy halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Naryň suwy derman hasaplanylýar. Ol ýadawlygy aýyrýar we immuniteti ýokarlandyrýar diýip, habarda bellenilýär.