Arhiw

TÝL ― 2022: 18-nji tapgyryň duşuşygynda «Ahal» «Şagadamy» ýeňdi

23:4904.11.2022
0
12734

Aşgabatda hem-de Balkanabatda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyryna badalga berildi.

“Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” topary Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyny” kabul etdi.

Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerine ýetiren “Ahal” 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

“Ahal” – “Şagadam” – 3:1

Gollar: 22, 66 Didar Durdyýew, 49 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew (“Ahal”) – 59 Elýas Akyýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 10 Elýas Akyýew, 75 Resul Mahmydow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň