Top.Mail.Ru

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aşgabatdaky okuw sapagynyň dünýä rekordy hökmünde ykrar ediljekdigine ynanýar

17:5301.11.2022
0
17156

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» ady bilen geçirilen okuw sapagyna ýokary baha berdi. 500-den gowrak hünärmeni bir ýere jemlän bu ekologik okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär. «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy çäräniň dowamynda myhman bilen söhbetdeş boldy.

Rekorddan zyýada

— Jenap Türkgüjü, Sizi nobatdaky gezek Türkmenistanda hoş gördük! Gadymy Ahal ýaýlasynda bina bolýan täze, döwrebap şäheriň golaýynda geçirilen ekologik çäräniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz!

— Men gürrüňe bu çäräniň rekorddan zyýada birnäçe ähmiýetiniň bardygyny aýtmakdan başlamak isleýärin. Olaryň ilkinjisi nahal oturtmak işine ýaşlary hem çekmegimizdir. Bu gün Ýer ýüzünde bag ekmegiň, nahal oturtmagyň juda möhüm işdigini ählimiz görýäris. Soňky ýyllarda dünýä döwletlerinde köp möçberde tokaýlyklar tebigy hadysalar we ýangynlar sebäpli azalýar. Käbir ýerlerde bolsa olaryň azalmagynda gönüden-göni adamlaryň öz täsiri hem bar. Şonuň üçin tutuş adamzat derejesinde ýüze çykyp biljek agyr ýagdaýyň öňüni almak juda uly zerurlyk bolup öňe çykýar. Ikinjiden, şu köpçülikleýin çärede biz miweli baglaryň nahallaryny oturtdyk. Bu dünýä jemgyýetçiligindäki esasy meseleleriň biriniň — azyk meselesiniň oňyn çözgüdine çaklaňja bolsa-da goşantdyr. Bu çäräniň üçünji bir ähmiýeti bolsa, ýene sanlyja ýyldan dörejek üzüm baglygynyň tebigy şertlerde ýetişdirilmegi şu sebitleriň, diýmek, tutuş dünýäniň ekologik taýdan arassalygyna hem uly peýda berer. Şahsy bähbit üçin ekerançylykda himiki serişdeleriň peýdalanylmagy topragyň düzümindäki we onuň üstündäki janly-jandarlaryň köpüsiniň ýaşaýşyna uly howp ýetirýär, hatda olaryň käbiriniň soňuna çykýar. Şeýlelikde, Ýer ýüzünde ekologik deňeçerlik bozulyp başlaýar. Şonuň üçin 950 gektarlyk «Ahal-sitiniň» ýanynda dörejek miweli bagçylyk tutuş dünýä üçin hem göreldedir, hem peýdalydyr. Çünki dünýäniň islendik künjeginde oturdylan ýekeje düýp nahal tutuş Ýer ýüzüniň kislorod bilen baýlaşmagyna goşant goşýar. Islendik oturdylan nahal bütin dünýä edilen uly ýagşylykdyr. Bu köpçülikleýin çäräniň ähmiýeti babatda ahyrky aýtjak zadymyz bolsa, bir döwletiň adynyň halkara derejede gowy, görelde alarlyk işler bilen tutulmagy juda ýakymly ýagdaý. Mysal üçin, meniň hut özüm 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanda dokuzynjy rekordy hasaba alýaryn. Özi hem şol rekordlaryň ählisi adamzat bähbitli işlere dahyllydyr. Welosiped boýunça geçirilen sapagy alyp göreliň! Bu gün bütin dünýäde awtoulagyň ornuna welosiped sürmek boýunça çagyryşlar bar. Bu diňe bir saglygymyz üçin däl, tutuş dünýäniň ekologiýasy üçin hem bähbitlidir. Türkmenbaşy şäherinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen ekologik sapagy ýa-da bu şäherdäki Halkara deňiz portunyň gurluşygyndan çykan galyndy topragyň ýük ulaglary bilen başga ýere daşalmagynyň ornuna, göçýän guşlar üçin deňizde adam eli bilen emeli adanyň döredilmegini alyp göreliň! Bu çäreleriň ikisi hem tebigat üçin iňňän peýdaly işdir. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň gurluşygynda müňlerçe ýük ulagynyň ep-esli ýoly söküp, şol galyndylary nirädir bir ýere daşaýşyny göz öňüne getirip görüň! Hem galyndylar tebigata zyýan berjekdi, hem ulaglaryň özlerinden çykýan karbon gazlary ekologiýanyň tämizligine zeperini ýetirerdi...

Indi bolsa 539 adam bilelikde nahal oturtdy. Görşüňiz ýaly, Türkmenistan bu işleri diňe bir rekordlary täzelemegiň hatyrasyna etmeýär. Türkmenistan dünýä ekologiýasyna haýran galdyryjy taslamalar bilen goşant goşýar, bu işleriň özünden-özi rekorda öwrülýär. Şonuň üçin men Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili hökmünde bu taslamalara goşant goşan her bir adama, ilkinji nobatda, olar baradaky başlangyçlar bilen çykyş eden hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirýärin.

Talaplara laýyklykda

— Şeýle köpçülikleýin ekologik çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan ykrar edilmegi üçin nähili talaplaryň berjaý edilmegi zerur?

— Ilkinji şerti rekordyň soň ýene-de kimdir biri tarapyndan täzelenmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Başgaça düşündirjek bolaýyn: diňe türkmen halkyna mahsus, başga ýerde ýok zatlar bilen bagly işler rekord hasaplanmaýar. Çünki olary başga ýerde täzelemek mümkin däl. Rekordlar bolsa wagtyň geçmegi bilen täzelenip dursa ýagşy. Ikinji talap — mukdaryň, ölçegiň bolmagy. Ýagny edilen işi sanamak ýa-da ölçemek mümkinçiligi zerur. Mysal üçin, «Dünýäniň iň owadan zenany» ýa-da «Iň syratly erkegi» diýen ýaly dünýä rekordy ýok, çünki gözelligiň belli bir ölçegi ýok. Ölçenilýän aýratynlyk bolsa her kim tarapyndan ykrar edilmeli. Mahlasy, bir işiň dünýä rekordy hökmünde ykrar edilmegi üçin esasy gerekli aýratynlyklar şular.

Ähli işler ýokary derejede

— Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäre dünýä rekordynyň talaplaryny ödäp bilýärmi?

— Çäre professional derejede guralypdyr. Biz Aşgabada gelmänkäk hem bu çäräni dünýä rekordy derejesinde geçirmegiň aýratynlyklary barada maslahatlaşdyk. Berlen maslahatlaryň ählisine eýerilipdir. Aşgabada gelen günümiziň ertesi bu çäräniň guramaçylygyna dahylly adamlaryň ählisi bilen şu ýerde duşuşdyk we taýýarlygyň jemleýji tapgyryny ara alyp maslahatlaşdyk. Men bu işde örän tejribeli topar bilen işleşendigimizi aýratyn nygtamak isleýärin. Her bir adam özüne ynanylan işi ýokary derejede ýerine ýetirdi. Nahallar oturdylansoň, däbe we talaplara görä, biz olaryň oturdylyş hilini ýene bir ýola gözden geçirýäris. Şunda hiç bir kemçilige ýa-da bärdengaýtma gabat gelmedik. Ekilen üzümler ady hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan üzümiň täze görnüşidir. Şeýlelikde, täze görnüş boýunça dünýäde ilkinji bagçylyk Türkmenistanda kemala geler.

Çärede bize bu bagda ýetişdiriljek miweleriň nusgalaryndan tagamyny dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi. Ählisiniň tebigy tagamyna söz ýok. Olaryň ählisi-de ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly önümler.

Biz ekilen üzüm nahallaryny surata we wideoýazga düşürdik. Olary Ginnesiň rekordlar kitabynyň merkezi edarasyna hödürläris. Aýgytlaýjy netije ýakyn günlerde hemmelere ýetiriler.

Türkmenistana 12-nji sapar

— Ýyllaryň dowamynda hoş habarlary getirmek, dünýä rekordlaryna şaýat bolmak bilen, Türkmenistan hakynda, belki, aýratyn ýatlamalaryňyz bardyr?!

— Türkmenistana 2018-nji ýyldan bäri 12 gezek geldim. Türkmenistan barada ilkinji aýtjak zadym bu ýerde özümi öýümde ýaly duýýanlygymdyr. Ata Watana her gezek gelenimde, täze tolgunmalary, täze duýgulary başdan geçirýärin. Türkmen halky bilen pederlerimizden gelýän berk dostlugymyz bar. Pandemiýa sebäpli, 2019-njy ýyldan soň Türkmenistana syýahatlarymyza birki ýyllyk arakesme düşdi. Bu gün bu ajaýyp ýurduň owadan paýtagtynyň geçen ýyllaryň dowamynda has-da gözelleşendigine göz ýetirdim. Türkmenbaşy, Türkmenabat şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem bolup gördüm. Başga-da köp ýerlerde bolmak miýesser etdi. Elbetde, bizi iň haýran galdyran, iň özüne çeken ýer bolsa ak mermerli, ajaýyp Aşgabat şäheridir.

Türkmenistana Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde gelmek meniň şatlygyma şatlyk goşan aýratynlyklaryň biri boldy. Türkmen alabaýy bütin dünýäde meşhur. Bu ajaýyp baýram mynasybetli dabaralara gatnaşmak bolsa meniň üçin has belent mertebedir. Edil şu günlerde biziň döwletimizde hem uly baýram — Garaşsyzlygymyzyň 99 ýyllygy bellenildi. Baýramlarymyzy bile bellemek, birek-biregi gutlamak özara gatnaşyklarymyzdaky iň ýakymly ýagdaýdyr. Men geljekde-de Türkmenistana täze-täze rekordlary bellige almak üçin gelmäge umyt edýärin.

— Nesip bolsa! Gyzykly söhbetdeşlik üçin köp sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň