TÝL ― 2022: «Altyn asyr» myhmançylykda «Şagadamdan» üstün çykdy

19:2631.10.2022
0
16505

Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky oýun bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyry tamamlandy.

Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. «Altyn asyra» ýeňiş getiren toplary Ahmet Ataýew, Yhlas Toýjanow hem-de Begmyrat Baýow geçirmegi başardylar. «Şagadamyň» düzüminde Salim Umarow tapawutlandy.

Gazanan bu ýeňşinden soň «Altyn asyr» toplan 38 utugy bilen ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýär. 22 utugy bolan «Şagadam» bäşinji orunda ornaşdy.

45 utuk toplan «Ahal» toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň duşuşyklary 4-nji hem-de 5-nji noýabrda geçiriler: «Nebitçi» – «Merw», «Ahal» – «Şagadam», «Energetik» – «Aşgabat», «Altyn asyr» – «Köpetdag».

17-nji tapgyryň duşuşygy:

«Şagadam» – «Altyn asyr» – 1:3
Gollar: 2 Salim Umarow – 12 Ahmet Ataýew, 29 Yhlas Toýjanow, 50 Begmyrat Baýow.
Duýduryşlar: 11 Gurbangeldi Batyrow, 29 Akmämmet Metdäýew, 37 Elýas Akyýew, 55 Yhlas Magtymow, 80 Ýunus Orazmämmedow – 26 Röwşengeldi Halmämmedow, 88 Begençmyrat Myradow.
Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Ahal» FK 17 14 3 0 59-12 45
2. «Altyn asyr» FK 17 11 5 1 29-9 38
3. «Köpetdag» FK 17 9 1 7 31-28 28
4. «Merw» FK 17 8 2 7 25-23 26
5. «Şagadam» FK 17 6 4 7 28-26 22
6. «Aşgabat» FK 17 5 1 11 19-28 16
7. «Energetik» FK 17 3 3 11 11-38 12
8. «Nebitçi» FK 17 2 1 14 21-59 7
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň