Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa ykdysady iş toparynyň mejlisi geçiriler

23:5430.10.2022
0
19113

Türkmenistan bilen Awstriýa bilelikdäki ykdysady iş toparynyň mejlisini geçirerler. Bu barada Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler ministrliginiň metbugat sekretary, neşirýat we maglumat bölüminiň başlygy Gabriele Ýueniň sözlerine salgylanyp, Trend habar berdi.

— Şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Bilelikdäki Awstriýa-Türkmen ykdysady komissiýasynyň 11-nji mejlisi geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekiliýeti Türkmenistana baryp görer we bu duşuşyk ikitaraplaýyn ykdysady gün tertibine täze itergi berer diýip umyt edýäris» — diýip, metbugat sekretary belledi.

Şeýle hem ol geografik ýerleşiş boýunça aralaryň daşdygyna garamazdan, Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda gowy netije berýändigini aýtdy.

Gabriele Ýuen dünýä ykdysadyýetiniň peselmegi bilen baglanyşykly ýaramaz netijelere işjeň garşy durmagyň möhümdigini nygtady. Munuň bolsa Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklara hem degişlidigini, ikitaraplaýyn ykdysady komissiýanyň mejlisiniň geçirilmeginiň sebäpleriniň hem biridigini aýtdy.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa ykdysady komissiýasynyň mejlisi şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň