Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge taýýarlanýar

15:4328.10.2022
0
111541
Türkmenistan ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge taýýarlanýar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistan Ginnesiň kitabyna mynasyp ýene bir rekord goýmaga taýýarlanýar. Has takygy, 500 hünärmeniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde açyk meýdanda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli daşky gurşaw bilen bagly okuw sapagy dünýä rekordlarynyň hataryna goşulyp biler.

Okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri penşenbe güni Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazgylary hasaba almak üçin Türkmenistana gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Aýdyn Türkgüjüniň belleýşi ýaly, Ahalyň tebigatynyň özboluşlylygy, bu ýerde ösen oba hojalygy we bagbançylyk sebitiň ekologik abadançylygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» okuw sapagyny geçirmek üçin bu ýeriň saýlanmagy tötänleýin däldir.

Ýeri gelende bellesek, bu okuw sapagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanda ilkinji daşky gurşaw çäresi däldir. Mundan ozal 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde dünýä bir setir boýunça hereket etmekde 3300 metr aralyga guralan iň uzyn welosipedli ýörişe 2019 adam gatnaşyp, bu çäre Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.​ ​

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky gazy gaýtadan işlemek arkaly benzin öndürýän toplum «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Şol ýyl Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýene bir şahadatnamasy 8-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan guralan «Iň uly ekologiýa sapagy» üçin berlipdi, oňa üç müň adam gatnaşypdy.​

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň