Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy häkimleriň iş alyp barşyna nägilelik bildirdi

13:4524.10.2022
0
58970

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde ýagdaýlaryň öwrenilmeginiň welaýatlaryň we etraplaryň ýolbaşçylarynyň häzirlikçe öňde goýlan wezipeleri, ilatyň durmuşyny gowulandyrmak boýunça meseleleri çözmekde talabalaýyk işlemeýändiklerini görkezendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, olara nägilelik bildirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň obalarynda we şäherlerinde adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, medeni aň-bilim binalaryna göwnejaý ideg etmek, ilata ýokary hilli hyzmat etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Köp sanly ýol berlen kemçilikleriň näme sebäpden dörändigini seljerip, ähli işleriň dogry ýerine ýetirilmegi üçin kimleriň esasy ýolbaşçy bolup durýandygyny kesgitledi — olar welaýat, etrap häkimleri, ministrlikleriň, welaýatdaky we etrapdaky edaralaryň, müdirlikleriň ýolbaşçylary, bölüm başlyklary we köp sanly beýleki ýolbaşçylardyr. Ýöne henize çenli netijäniň ýokdugyny nygtap, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda alnyp barylýan işleriň hiç bir öňe gitmeýändiginiň sebäbiniň şeýle ýolbaşçylaryň örän känligindedigini belledi. Netijede, başlyklaryň zähmet çekýän işgärlerden has köp ýalydygy, işgärlere ýardam etmegiň ýerine, ýolbaşçylaryň olaryň işlerine goşulýandyklary we emeli päsgelçilikleri döredýändikleri nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bularyň hemmesini ilki bolup görüp, netijä gelmeli ýolbaşçynyň, elbetde, welaýat häkimidigini nygtady hem-de bu babatda olaryň işe çemeleşişini häsiýetlendirip, hatda işleriň netijeli däldigini görenlerinde-de, ýerlerinde oturandyklaryny, hiç hili çäre görmeýändiklerini, olardan teklibiň hem, hereketiň hem ýokdugyny, wagtlarynyň geçse bolýandygyny nägilelik bilen belledi.

— Biz bu ýagdaýy kabul edip bilmeris. Halkymyzyň, welaýatyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine şeýle biperwaý garalmagyna asla ýol bermeris. Siz ýa bildirilýän talaplara görä işlemeli bolarsyňyz ýa-da tutanýerli zähmet çekjeklere ýol bermeli bolarsyňyz — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýagdaýy düzetmek üçin häkimlikleriň işini başgaça guramagyň zerurdygyny, ýolbaşçylaryň sanyny azaltmagyň gerekdigini, daýhanlara, çopanlara özbaşdak işlemäge mümkinçilik bermelidigini, her bir ýolbaşçynyň halka ýakyn bolmalydygyny, olaryň adamlar bilen sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady. «Munuň özi welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerinden esasy talap bolup durýar. Olar bildirilen ynamy ödemelidirler. Eger-de bu başa barmaýan bolsa, ony başarýanlara ýol bermeli» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň