Anna güni Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda kiberhowpsuzlyk merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
Merkeziň döredilmegine ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi goldaw berdi. Täze merkeziň resmi açylyş dabarasynda Aşgabatdaky ÝHHG-nyň merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon Makgregor gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem ilçi täze merkeziň infrastrukturasynyň bir bölegi bolan synp otagynda, dolandyryşy we serwer otagynda oturdylan enjamlar bilen baglanyşykly zerur resminamalara gol çekdi.
Kiberhowpsuzlyk meseleleriniň çäginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda Maglumat ulgamy howpsuzlygy fakulteti hereket edýär. Bu fakultetde maglumat howpsuzlygy, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy, elektron howpsuzlyk ulgamlary ýaly ugurlarda hünärmenler taýýarlanylýar.