Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini gutlady

21:4823.10.2022
0
11666

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň geljekki yzygiderli ösüşiniň ýollaryny kesgitlän möhüm syýasy waka öwrülen Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň XX ählihytaý gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Şu günlerde dünýä bileleşigi, şol sanda Türkmenistanyň halky Hytaýyň täze eýýamda nobatdaky ösüş tapgyryna çykmagyna ýardam beren, ýurduň taryhynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu waka aýratyn üns bermek bilen seretdi. Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň XX gurultaýynyň netijeleri hytaý halkynyň öz Liderine we Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, milli ruhy pugtalandyrmak we halkyň durmuş şertlerini gowulandyrmak syýasatyna doly ynanýandygyny görkezdi» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda nygtaýar.

— Senagat önümçiliginiň durnukly, ýokary ösüş derejesini we ähli meseleleri öz içine alýan ýaşaýyş-durmuş maksatnamalaryny üpjün etmek bilen, Hytaý soňky onýyllykda dünýä derejeli ykdysady-ulag we ylmy-tehnologik merkeze öwrüldi. Şol döwürde strategik hyzmatdaşlygy ýola goýup, biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyk saklamagyň täze, has-da ýokary basgançagyna çykandygyny bellemek guwandyryjydyr. Siziň ýolbaşçylyk etjek indiki bäş ýylyňyzda Hytaýyň ykdysady kuwwatynyň has-da güýçlendiriljekdigine, şeýle-de ähli hytaý halkynyň öňe gitjekdigine we gülläp ösjekdigine ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň däbe öwrülen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurtda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary doly derejede ulanmak üçin Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen mundan beýläk hem çuň many-mazmunly, anyk we ýokary derejede ynanyşykly gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýändigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandy üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine uly minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglygyny hem-de alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Hytaýyň zähmetsöýer halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň