20-nji oktýabrda Ak bugdaý etrabyndaky «Gämi» söwda merkezinde «Halk market» bölek söwda zynjyrynyň täze dükany açylar diýip, supermarketleriň wekili habar berýär. Täze söwda nokady Türkmenistandaky halkyň sarp edýän harytlarynyň dükanlar zynjyrynyň irileriniň biri bolan «Halk marketiň» 9-njy dükany bolar.
«Halk marketiň» konsepsiýasy öňküligine galýar, dükanda ozalkylar ýaly, azyk harytlarynyň, arassaçylyk, hojalyk himiýa, kosmetika serişdeleriniň we beýleki harytlaryň baý görnüşleri hödürlener.
Dükanda satyn alnan harytlaryň tölegini nagt görnüşinde hem, nagt däl görnüşinde hem geçirmek mümkindir. Şeýle hem Gämi obasynyň ýaşaýjylary eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi obasy, «Gämi» SM;
- telefonlar: (+993 63) 93 75 74, (+993 137) 52 06 51.
Şeýle-de okaň:
- «Halk market» satyn alnan harytlary Aşgabadyň islendik nokadyna çalt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
- «Halk market» özüniň söwda ykjam goşundysyny tanyş edýär
- «Halk market» konditer we ter çörek önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
- «Halk market» özüniň resmi saýtynda uzak aralykdan söwda etmäge çagyrýar
- «Halk marketde» «Rysgal» PTB-niň Maestro karty bilen söwda edenlere 6% keşbek ýetirilýär