Indi «Halk market» dükanlar torunyň islendik dükanyndan onlaýn görnüşde söwda etmek has amatly boldy. Munuň üçin dükanlar torunyň adybir ykjam goşundysyny Play Market internet dükanyndan ýükläp alyp, ondan islendik sarp ediş harytlaryny sargyt edip bilersiňiz.
Ykjam goşundy sada interfeýsi we düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Onuň gurluşy dükanyň web saýty bilen birmeňzeşdir. Goşundynyň baş sahypasynda «Aksiýalar we arzanladyşlar», «Meşhur harytlar» we beýleki käbir bölümçeler ýerleşdirilip, gerek bolan islendik zady haryt görnüşiniň bölümine girip tapyp bolýar.
Dükanyň onlaýn goşundysynda göwnüňize ýaran islendik harydy hasaba durmazdan saýlap, «Sebede» ýüklemek bilen sargyt edip bolýar. Eltip berme hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägine we oňa golaý ýerlere salgynyň uzaklygyna baglylykda 40 minutdan 2-3 sagada çenli wagtyň dowamynda ýetirilýär. Söwdanyň tölegini bolsa nagt hem-de bank karty arkaly töläp bolýar.
«Halk marketiň» haryt görnüşleriniň hatarynda çaýdan we kofeden başlap et önümlerine çenli, süýt önümleri we Aziýa aşhanasynyň önümleri, şeýle hem arassaçylyk himiýa önümleri (kir ýuwujy sodalar, egin-eşikler üçin kondisionerler, öýi arassalamak üçin niýetlenen dürli görnüşli serişdeler we ş.m) bardyr.
Şeýle-de okaň: