TÝL ― 2022: Amanow «Ahaldaky» 10-njy pökgüsini geçirdi

13:5406.10.2022
0
14648

Terjibeli futbolçy Arslanmyrat Amanow «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Onuň 12-nji tapgyrda «Köpetdagyň» derwezesinden 2 pökgi geçirendigini ýatladýarys.

Şeýlelikde, Arslanmyrat Amanow 2013-nji ýyldan bäri «Ahalyň» düzüminde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda ilkinji 20-lige göterildi. Has takygy, ol Mihail Titow, Döwletmyrat we Serdaraly Ataýewler bilen bilelikde 19-njy orny paýlaşýar. Mundan beýläk çempionatda geçiren her bir goly tejribeli ýarym goragçyny bir basgançak ýokary çykarar.

Arslanmyrat Amanow topardaky 10 pökginiň 7-sini şu möwsümde geçirip, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda dördünji orna çykdy.

Ýokarda agzalan möwsümden bäri «Ahalda» iň kän tapawutlanan futbolçy 49 gol bilen Didar Durdyýewdir. Ikinji orunda 40 golly Elman Tagaýew, üçünjilikde bolsa 33 golly Wahyt Orazsähedow bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň