Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony 70 ýaşy bilen gutlady

21:5505.10.2022
0
26938
Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony 70 ýaşy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomali Rahmona 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Täjigistan Respublikasy raýatlarynyň abadançylygyny we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, Täjigistan Respublikasynyň sebitde hem, onuň çäklerinden daşarda hem eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy bellenmäge mynasypdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Täjigistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklara örän uly üns berýändigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

«Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça teklipleri we başlangyçlary goldaýarys, dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňizi we ägirt uly goşant goşýandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, täjik kärdeşi Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň