Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Döwlet býujetiniň 75-80 göterimi durmuş maksatly ugra gönükdiriler»

17:1224.09.2022
0
24798
Türkmenistanyň Prezidenti: «Döwlet býujetiniň 75-80 göterimi durmuş maksatly ugra gönükdiriler»

Döwlet býujetiniň 75-80 göterimi Türkmenistanyň durmuş maksatly ugra gönükdiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belläp geçdi.

«Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göterimini durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň köpeldilmegine, bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär.

Mundan başga-da türkmen Lideri çykyşynda: «Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris» diýip belleýär.

Döwlet baştutany, 2022-2028-nji ýyllarda Döwlet býudjet gaznalarynyň durmuş-ykdysady ösüşiň we ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşiniň esasy ugurlaryny üpjün etmek üçin gönükdiriljekdigini aýtdy.

«Döwlet syýasatynda raýatlarymyzyň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge, ilatymyzyň işsizlikden goraglylygyna gönükdirilen çärelere hem uly orun berýäris. Bu ugurda goşmaça iş orunlaryny döredip, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirýäris. Durmuş ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny, nyrhlaryny düzgünleşdirýän adalatly nyrh syýasatyny alyp barýarys.

Ilatymyzyň girdejilerini artdyrmak, zähmet öndürijiliginiň ösüş depginini zähmet haklarynyň ösüş depgini bilen utgaşdyryp alyp barmak, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny kesgitlenen möçberlerde üpjün etmek meselelerine wajyp ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet maslahatynyň dowamynda belläp geçdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň