Soňky habarlar

Arhiw

Kilian Mbappe Fransiýanyň milli ýygyndysynda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi

17:3923.09.2022
0
26780

Kilian Mbappe Fransiýanyň milli ýygyndysynyň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ilkinji 10-luga girdi.

Ol 28 pökgi geçirip, 10-njy orny Ýuriý Žorkaýeff bilen paýlaşýar. Ýöne iki futbolçynyň milli ýygyndyda geçiren duşuşyklarynyň arasynda tapawut uly. Mbappe häzire çenli Fransiýanyň ýygyndysynda 58 duşuşyk geçirdi. Žorkaýeff bolsa ýygyndyda 82 duşuşyga gatnaşypdy.

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda iň kän tapawutlanan futbolçy Týerri Anridir. Ol jemi 51 pökgi geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň