Soňky habarlar

Arhiw

Režissýor Wudi Allen pensiýa gitmek pikirinden dändi

15:4922.09.2022
0
19367
Režissýor Wudi Allen pensiýa gitmek pikirinden dändi
Surat: nbcnews.com

Tanymal amerikan režissýory Wudi Allen kinodaky işini bes etmek baradaky sözlerinde dändi diýip, «Variety» neşiri ýazýar. Alleniň wekiliniň aýtmagyna görä, ol hiç haçan hem dynç alşa gitmekçidigini aýtmandyr, tersine, ol häzir täze filmiň üstünde işleýär.

Öňräk 86 ýaşly Wudi Allen täze kino eserleriniň diýseň çalt internetdäki striming meýdançalaryna düşýändiginden nägilelik bildirip, režissýorlyk işini bes etmekçidigini aýdypdy. Ol filmlere kinoteatrlaryň giň ekranynda tomaşa etmegi halaýandygyny nygtapdy.

Režissýor häzirki wagtda Parižde özüniň 50-nji filmini surata düşürýär.

Alleniň soňky filmi 2020-nji ýylda «Rifkiniň festiwaly» diýen at bilen ekranlara çykdy, emma ol kino tankytçylary tarapyndan sowuk garşylandy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň