Soňky habarlar

Arhiw

TSSE-de hünärmenleri netijeli dolandyrmak boýunça amaly maslahat geçiriler

16:3521.09.2022
0
32230

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Hünärmenleri netijeli dolandyrmak boýunça ulgamlaýyn çemeleşme» ady bilen amaly maslahaty geçiriler. Bu barada edaranyň resmi saýty habar berdi.

Islendik kärhananyň üstünligi we ýokary netijeleri gazanmagy onda zähmet çekýän adamlara baglydyr. Işewürligiň zerur başarnyga we häsiýetlere eýe bolan hünärmenler bilen üpjün edilmegini nädip gazanmaly? Işgärleri saýlamaga we olary has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar bar.

Maslahata işewürligi innowasion çemeleşme esasynda dolandyrmaga gyzyklanma bildirýän ýolbaşçylar we hünärmenler çagyrylýar.

Salgysy: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Çandybil şaýoly 143.

Wagty: 10:00-12:00

Habarlaşmak üçin maglumatlar: (+993 12) 39 88 90, (+993 12) 39 88 95, (+993 12) 39 88 92

e-mail salgydy: ccitm.int@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň