Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly geçiriler

21:5617.09.2022
0
17822

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, hasabatynda halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda birnäçe çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada hem aýtdy.

Wise-premýeriň döwlet Baştutanyna beren hasabatynda aýdyşy ýaly, noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, baý milli mirasyny, aýdym-saz sungatyny wagyz etmekden, dürli ýurtlaryň milli we halk saz gurallarynda aýdym-sazlary ýerine ýetirijileriň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Forumyň çäklerinde ussatlyk sapaklaryny, duşuşyklary hem-de beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak halkara medeni çäreleriň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen netijeli ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýtdy hem-de wise-premýere meýilleşdirilen çäreleri guramagyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de döwlet Baştutany Aşgabatda geçiriljek «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetine eýe bolan taryhy-medeni mirasyny geljekde-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym we medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň