Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bag ekmek çäresini geçirdi

20:3417.09.2022
0
23276
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bag ekmek çäresini geçirdi

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bag ekmek çäresini geçirdi.

Hindistanyň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygynyň bellenilmegine gabatlanyp guralan bu çäre «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän Ýoga merkeziniň çäginde geçirildi.

Mahatma Gandiniň heýkeliniň golaýynda ýaş nahallar oturdyldy.

Ilçihananyň sosial ulgamlarynyň beren habaryna görä, bu çärä Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň