Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezi diňe öňünden ýazylmak arkaly kabul edýär

19:5315.09.2022
1
102271

Türkiýe Respublikasyna wiza resmileşdirýän Aşgabatdaky merkez ýüz tutýanlary diňe öňünde ýazylmak arkaly kabul edýär. Degişli bildiriş Gateway International tarapyndan jemgyýetçilik torlarynda ýerleşdirildi.

Öňünden ýazylmagy elektron salgy arkaly hem amala aşyryp bolar.

Merkeziň Aşgabat şäheriniň 2127-nji köçesiniň (G.Kulyýew) 88-nji jaýynda ýerleşýändigini ýatladýarys. Merkez ir sagat 9-dan öýlän 17-ä çenli işleýär. Türkmenistanyň raýatlary merkeze syýahatçylyk, iş, talyp, üstaşyr we beýleki görnüşli wizalar üçin ýüz tutup bilerler.

13-nji sentýabrda Türkiýe Türkmenistan üçin wiza düzgünini girizdi. Degişli karara Degişli Karar Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan kabul edildi. Mundan ozal 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk maksatly wizasyz 30 güne çenli Türkiýede bolup bilýärdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
matrox14002 ( 15.09.2022 )

Здравствуйте вы писали о визом отделе но сай через ГТС провайдера не работает (Не удаётся установить соединение с сайтом. Сайт www.gatewayinternational.com.tr не позволяет установить соединение.

12