Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze türk wiza merkezi açyldy

15:2815.09.2022
0
89868
Aşgabatda täze türk wiza merkezi açyldy

Habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň Hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizdi. Şonuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda täze wiza merkezi işläp başlady. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi diýip, ORIENT habar berýär.

Wiza merkezi G.Kulyýew köçesiniň 88-nji jaýynda («Nowruz haly» binasy) ýerleşýär. Wagtlaýyn wiza düzgüni 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan girizildi. Türkmen raýatlary iş, syýahatçylylyk, talyp, işewürlik we üstaşyr wizalary, şeýle-de medeni ýa-da sport çärelerine gatnaşmak we Türkiýede lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin wizalary açdyryp bilerler. Wizalaryň görnüşi boýunça resminamalaryň sanawy üýtgäp biler.

Wiza merkezine kabuk edişlige şu salgyda ýazylyp bilersiňiz. Has giňişleýin maglumaty gatewayinternational.com.tr saýtyndan, +993 (12) 40-02-12 telefon belgisi we helpline.turkmenistan@gateway.com.tr elektron poçta arkaly alyp bilersiňiz.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi hem wiza berip biler, emma hyzmatyň hilini we tizligini ýokarlandyrmak üçin aýratyn wiza merkezini açmak karar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň