Türkiýe Türkmenistan üçin wiza düzgünini girizdi

14:0514.09.2022
0
55824
Türkiýe Türkmenistan üçin wiza düzgünini girizdi

Türkiýe Respublikasynyň resmi gazetiniň habaryna görä, degişli Karara 13-nji sentýabrda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gol çekdi.

Karara laýyklykda, Türkiýe Ministrler Geňeşiniň 2007-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky 2007/12441 belgili karary ýatyryldy.

Ozal umumy pasportlary bolan Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk maksatly wizasyz 30 güne çenli Türkiýede galyp bilýärdiler.

Ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi saýtynda türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendigi habar berildi. Bu çäre Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň