Soňky habarlar

Arhiw

«Ussat kömekçi» bilen birinji gezek şertnama baglaşan müşderilere ikinji aýda hyzmatlar tölegsiz ýetirilýär

10:3315.09.2022
0
22434

Aşgabatdaky «Ussat kömekçi» kärhanasy gündelik zibilleri alyp gitmek boýunça kärhana bilen ilkinji gezek şertnama baglaşýan müşderiler üçin özboluşly ýeňilligi — ikinji aýda hyzmatlaryň tölegsiz ýerine ýetirilýändigini ýatladýar.

Her günde kärhananyň hünärmenleriniň öý salgysyndan zibilleri alyp gitmek hyzmatyndan peýdalanmak üçin bolsa «Ussat kömekçi» kärhanasy bilen şertnama baglaşmalydyr. Munuň üçin bolsa kärhananyň hünärmenleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bolýar: (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89. Şeýle hem hyzmatdan peýdalanmak üçin kärhananyň sosial media ulgamyndaky hasabynda arzalary ýerleşdirip bilersiňiz.

«Ussat kömekçi» kärhanasynyň zibil alyp gitmek hyzmatynyň her aýlyk tölegi 50 manada deňdir.

Hyzmatlardan peýdalanyp görmek isleýän islendik müşderi üçin kärhana üç günlük tölegsiz zibil alyp gitmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň