«Ussat kömekçi» kärhanasy zibilleri zyňmak boýunça synag hyzmatyny mugt peýdalanmak mümkinçiligi hakynda ýatladýar

15:4504.09.2022
0
15766

«Ussat kömekçi» hususy kärhanasy Aşgabatda hojalyk zibillerini zyňmak hyzmatyny ýerine ýetirýän ýeke-täk kärhanadyr.

Öz işiniň çäklerinde kärhananyň hünärmenleri şertnama esasynda gündelik zibilleri zyňmak işini amala aşyrýarlar.

Kärhana bu hyzmatyň amatlyklaryna baha bermek üçin islendik wagt mugt synag hyzmatyny sargyt etmek mümkinçiligiňiziň bardygyny ýatladýar. 3 günüň dowamynda «Ussat kömekçiniň» hünärmeni siziň bilen ylalaşylan wagtda zibilleriňizi alyp gider. Şonuň bilen bir hatarda, zibil üçin 5 sany polietilen torba goşmaça sowgat hökmünde berler.

Zibilleri zyňmak boýunça mugt synag hyzmatyndan peýdalanyp görmek üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň etmek ýeterlikdir: (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Şeýle hem hyzmat üçin sosial ulgamlar arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Ýatlatsak, gündelik zibilleri zyňmak hyzmatynyň bahasy aýda 50 manatdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň